Sahna barada maglumat

Kerwenbaşynyň ogly
Türkmen döwlet gurjak teatry

M.Hudaýberdiýewiň “Kerwenbaşynyň ogly” atly gurjak oýny.

“Kerwenbaşynyň ogly” atly sahna oýny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi” kitaby esasynda goýuldy.

Oýun garry kerwenbaşynyň ak patasyny alyp, Beýik Ýüpek ýolundan alys ýurtlara söwda etmek üçin ýola düşen kerwenli waka bilen başlanýar. Ýöne alys ýurtdaky şagalaňly bazarda Kerwenbaşynyň oglunyň duýdansyz peýda bolmagy bilen oýun has hem dartgynly häsiýete eýe bolýar. Agasy ony ýeke goýanok. Jadyly Totyguş bolsa, kerwenbaşynyň ogluny ähli kynçylyklary ýeňip geçip, bagtyýarlyga ýetmäge kömek edýär.

Millilige ýugrulan “Kerwenbaşynyň ogly” atly sahna oýny uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.