Sahna barada maglumat

Iki hojaýynyň hyzmatkäri
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu eser dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleriniň biridir. Esasy keşp Trufaldinio ugurtapyjylygy, çeýeligi, ezberligi bilen iki hojaýyna hyzmat etmegi başarýar. Öz döwründe Komediýa Del arteden daşlaşmak niýetinde ýazylan bu eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrmaga ukyplydyr. Trufaldinio köp çykgynsyz ýagdaýlara duşýar. Şol ýagdaýlardan ony öz başarjaňlygy alyp çykýar. Aslynda her bir adamyň bir işi ýüregine düwen halatynda onuň başarmajak işiniň bolmaýandygyny bu eser subut edýär. Her halda-da, her ýagdaýda-da göreşmelidigini, maksadyňa ýetmeklik üçin bir ýerde durmagyň ýeterlik däldigini beýan edýän bu eseriň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokarydyr.