Eseriň ýordumy türkmen halkynyň meşhur şadessany „Gorkut atadan“. Şadessanyň meşhur gahrymanlarynyň biri Däli Garçaryň maşgalasynda bolup geçýän waka bilen eser başlanýar. Däli Garçaryň üç gyzy bar: Tülpar gyz, Miýana we Helalaý. Ululary Tulpar gyzyň durmuşa çykman, hiç kime göwni ýetmän oturmagy onuň uýalarynyň garşy bolmaklaryna sebäp bolýar. Ahyry Oguz ýigitleriniň biri Bineň begiň ogly Hekbaýyň Tulpara öýlenip, janyna hiç zat ýaramaýan kesir gyzy terbiýeläp, edepli, ekramly, işeňňir, owadan, kämil zenan edip ýetişdirişi bilen tamamlanýar. Eseriň üsti bilen gözbaşyny gadymdan alyp gaýdan halkymyzyň maşgala terbiýesi babatdaky asylly gadymy däpleri, döwre mynasyp şahsyýeti kemala getirmek ýaly meseleler gozgalýar.