Sahna barada maglumat

Alabaýyň dostlary
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu erteki bir maşgala bolup ýaşaýan Geçi, Goýun, Horaz, Taýhar we Alabaý hakynda. Alabaý maşgalanyň ulusy we goragçysy bolansoň maşgala agzalaryny iýjek bolýan Tilkiniň we Möjegiň güýji bu ýerlere ýetmeýär. Tilki mekirlik bilen ol maşgala agzalaryny Alabaýy komalydygy hakyndaky pikiri olaryň aňlaryna guýmagy başarýar. Alabaý gidenden soňra olary jeňňele alyp gidip iýjek bolanlarynda ýene-de Alabaý olary halas edýär. Ertekiniň çagalar üçin terbiýeçilik ähmiýeti agzybirligi, dostlugy, edepliligi we sagdyn durmuş ýörelgesini, arassaçylygy ündeýär.