Sahna barada maglumat

Öweý eje
Aýazbaba nirde sen

H.Şirowyň “Öweý  eje” atly gurjak oýny.

“Öweý  eje” atly  gurjak  oýnunda  Aýjemal  bilen  Aljemalyň  arasyndaky  köýnekli  wakadan  soň, oýun  gitdigiçe  dartgynly  häsiýete  eýe  bolýar. Aljemal  görüplik  edip, Aýjemalyň  owadan köýnegine  nagyş  salmagyň  deregine, üstüne  syýa  döküp  zaýalaýar. Aljemalyň  bet  niýeti  onuň  bilen  gutaranok. Ol  jady  bilen  Güljemalyň  ejesi  Aýjemalyň  akyl – huşuny  alyp, ony gizläp  saklaýar. Hatda  Güljemalyň  kakasyny  hem  jadylap, özüne  boýun  edýär.

Güljemal  öweý  ejä  öwrülen  Aljemalyň  elinde  galýar. Ol  gyzjagaz  kyn  ýagdaýa  uçrasa-da  ruhdan  düşmän, özüniň  hakyky  ejesini  bet  niýetli  Aljemaldan  halas  edýär.

Sahna  oýnunda  görüplik, mekirlik  ýaly  erbet  häsiýetleriň  jady  bilen  hem  ýol  almaýandygy  özüniň  aýdyň  beýanyny  tapýar.