Sahna barada maglumat

Altyn jüýje
Aýazbaba nirde sen

Rus  halk  ertekisi  esasynda  goýulan  gurjak  oýnunda  altyn  Jüýjäniň  başdan  geçiren  wakalary  Möjegiň  häsiýetiniň  kemala  gelmegine  getirýär. Wagşy  Möjek  Tilki  ýaly  mekir jandarlardan  altyn  Jüýjäni  gorap  çykyş  edýär. Netije-de  oýunda  ejizi  goldamak, oňa  arka  durmak  ýaly  oňyn  pikirler  öňe  sürülýär.

Bu  oýnuň  uly  terbiýeçilik  güýji  bar. Wagşy  Möjegiň  ýagşy  Möjek  bolmagy, ejize  goldaw  bermegi  bilen, oýun  has-da  özüne  çekip, dartgynly  häsiýete  eýe  bolýar.