Sahna barada maglumat

Gaýyn ene
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Spektaklyň wakasy Aşgabat şäherinde gurlan häzirki zaman   jaýlaryň birinde bolup geçýär. Sada traktorçy oba ýigidi Almaz gaýyn enesiniň zarbyna çydaman, ähli amatlyklary bolan jaýa göçüp gelmäge mejbur bolýar. Almaz üçin bu elýetmez jaý ýüregini gysdyryp, oňa dar görünýär. Almazyň göwün küýsegi dogduk ýeri bolan eziz obasy, sadaja oba adamlary, köneje traktory, Gün dogup gelýärkä eşdilýän oba adamlarynyň mylaýym sesleri. Şäher maşynlarynyň sesleri onuň ýüregine düşýär. Tiz şäher bilen hoşlaşyp oba gidesi gelýär. Gaýyn enesiniň bolsa şähere has ornaşyp ýaşasy gelýär.  Ynha, şu ýerden bolsa   gapmagarşylykly hereketler başlanýar. Almaz gaýyn enesini äre çykarmagyň kül-külüne düşýär.

Bu spektaklyň žanry komediýa-fars. Spektaklyň dowamlylygynda gülkünç wakalaryň üsti bilen sazlaşyp, onda Almaz gaýyn enesini taksi sürüjisi  Ahmet bilen birikdirip, şol täze jaýda bile ýaşamaga razylyklaryny alýar. Şeýdip, ol öz gaýyn enesiniň razylygy bilen obada ýaşamaga, onuň patasyny almagy başarýar. Spektaklda oba bilen şäheriň çapraz gelýän gapma-garşylyklary,  “Kim gaýkyny söýer, kim küýküni söýer” diýlişi ýaly, öz ornuňy tapmak meseleleri örboýuna galýar.