Sahna barada maglumat

Gumdan tapylan ýürek
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Halkymyzyň meşhur şahyry, ilimiziň söýgüsini gazanan ýazyjy Kerim Gurbannepesowyň bu eseri 1941-1945-nji Watançylyk urşy ýyllarynda tylda galan Gülnäz ejäniň ýatlamalaryndan gürrüň açýar. Watan gerçeklerimiz ýurt goragynda faşistik basybalyjylaryna garşy söweşýän wagtynda yzynda galanlar hem tylda beýik gahrymançylyk görkezýärdiler. Gülnäz ol wagtlar kakasyny, erkek doganyny, söýgüli ýaryny urşa ugradan ýetginjek gyzdy. Hemmeler ýeňiş üçin göreşýärdiler. Emma şol ýyllaram betnebis, betniýet adamlaryň hem bolandygyny eser janlandyrýar. Esasy waka nijeme ýyllar geçse-de ýar ojagyny saklap oturan mähriban eneleriň türkmen zenanyna mahsus wepadarlyk mekdebiniň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar.