Dramaturg Jora Hudaýberdiýewiň “Müneçjim” atly sahna eseri meşhur “Müň bir gije” ertekiler kitabynyň bir şahasy esasynda döredilipdir. Eseriň sýujet ýordumy ýönekeý. Spektaklyň baş gahrymany Masrur tikinçi, ol gijesini gündiz edip işleýän tikinçi, tikinçiniň bolsa gazanýan haky az, emma onuň aýalynyň arzuwy, hyýaly, höwesi biserhet. Aýala pul gerek, köp pul gerek! Ol adamsynyň depesinde nagara döwýär, onuň güni ala ýabylynyň güni ýaly. Tikinçiniň aýalynyň doganlaram sada adamlar. Olar kä tikinçiniň düşen gününe gynanýarlar, kä bajylaryna meçew berýärler. Ahyry olar Masrury palçy-müneçjim etmegiň kül-külüne düşýärler. Zoraýakdan müneçjim bolan Masruryň işi şowuna düşüp başlaýar. Ertekide nämeler bolmaýar! Birki ýylyň içinde Masrur ilki şa gyzynyň müneçjimi wezipesine geçýär, soňra hut patyşanyň şahsy müneçjimi bolýar. Masruryň depesinden pul ýagýar,at-abraý ýagýar, ol sähel salymda depseň deprenmez baýa öwrülýär. Indi onuň islegi-de, ýaşaýşa garaýşy-da başgaça. Ol söýýän aýalynyň üstüne aýal almagyň kül-külüne düşýär.
Her hal zandy päkize, işjanly Masrur wagtynda saklanmagyň, uly baýlyk getirýän ýalançylygyň goýnundan çykmagy başarýar.