Şerif algydary Salýahynyň gelýänini görüp, gününden zeýrenip başlaýar. Jigsi Rukiýe-de göwünlik bermäge başlaýar. Şol wagtam olaryň kireýine ýaşaýan öýleriniň hojaýyny, goňşylary Adile Dudu gelýäre-de ýyl bäri tölenmedik jaýyň kireý puluny talap edýär. Bermedik ýagdaýlarynda ertiriň özünde öýlerinden çykaryp kowjakdygyny aýdyp, haýbat atýar. Şerifiň oňa ýene bir-az garaşmagyny sorap ýalbarmagy-da kömek etmeýär. Ahyry Adile Dudu, bulary jaý tölegini beräýen ýagdaýlarynda-da jaýdan çykarjakdygyny aýdýar. Sebäbem onuň gyzy, kemalkylrak Zöhre, Şerifiň inisi Halile gaýybana aşyk bolupdyr. Rukiýe, Halil bilen Zöhräni birikdirmegi teklip edip, musulmançylykda köp aýallyga rugsat berilýändigini ýatladýar. Emma Adile Dudu bu teklibe kes-kelläm garşy çykýar .
Puly, döwleti barka ýeke gyzynyň biriniň aýaly bolmagyna razylyk bermejekdigini aýdýar. Şerif oňa gysga wagtda inisi Halil bilen gelni Melegi aýrylyşdyryp, guda bolmaklygy teklip edýär. Adile Dudu razy bolýar.
Şerif bir dostuny ymam hökmünde öýlerine getirýär. “Ymam” hem bolgusyz bahana tapyp Halyl bilen Melegiň nikasyny bozýar.
Şol gije Şeriflere hat gelýär. Hatda Melegiň Izmirde ýaşaýan baý daýysynyň ýogalandygy, bar baýlygynam ýegenine goýandygy aýdylýar. Şerif dessine ýalňyşyny düzetmek bilen bolýar. Olaryň bagty çüwüp şol gün agşam öýlerine iki sany ogry girýär. Ogrularyň biri gaçyp ýetişýär-de, birinji gezek ogurlyga çykan, bu işde tejribesi bolmadyk Hilmi ele düşýär. Şerif dessine oňa bir gijelik gelinleriniň adamsy, ýagny wagtlaýyn giýew bolmagy teklip edýär. Şeýle edeninde ony ogurlykda aýyplap polisiý tabşyrmajakdygyny aýdýar. Hilmi razy bolýar.
Melegiň owadan jemalyna aşyk bolan Hilmi, bukuda ýatan wagty eşiden hatly gürrüňi gelnine aýdýar. Gaýynlarynyň oňa nebsi agyryp däl-de, miras galan baýlygyna göz gyzdyryp, täzeden maşgalalaryna kabul etjek bolýandyklaryny düşündirýär.
Ertesi Hilmi Melege talak bermekden boýun gaçyrýar. Şeýdibem öz eden emellerine özleri çolaşan Şerif bilen Rukiýe hiç zatsyz galýarlar. Sebäbi olaryň soňky etjek bolan hilegärlikleri Adile Dudu aýan bolýar.