Sahna barada maglumat

Dutaryň owazy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Bu sahna eseri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy - dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynyň ruhuna siňen parahatçylyk hakyndaky belent paýhaslardan ugur alnyp, N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň, hem-de şol powest boýunça surata düşürilen “Şükür bagşy” kinofilminiň süňňüni düzýän wakalar esasynda taýýarlandy. Spektakl boýdan - başa eziz Arkadagymyzyň parahatçylyk, dostluk, doganlyk hakyndaky parasatly, joşgunly, ruhubelent şygara öwrülen sözleri hem şygyrlary bilen utgaşdyrylýar. 

Şükür bagşy obadaşlaryna saz çalyp berýär. Şeýle bir joşgunly, şeýle bir şirin çalýar. Yöne, näme üçindir, obadaşlary bu gün bagşynyň çalýan sazlaryny hemişeki ýaly şatlykly-şowhunly däl-de, gussaly diňleýärler. Sebäbi Şükür bagşy goňşy obalarda öz sazy bilen toý-tomaşalary sowup ýörkä, yzynda agasy ýesir düşüp, bendilige äkidilipdir. Oba adamlary öz bagşylarynyň agasyny bendilikden boşatmagyň maslahatyny edýärler. Çolak batyr başlyklaýyn gany gyzma ýigitler atly-ýaragly gidip, onuň agasyny ýaragyň güýji bilen halas etmegi teklip edýärler. Märekäniň beýleki bölegi Şüküriň dogany Berdini pul berip, zat berip boşatmagy ündeýärler. Her kim öz diýenini tutýar. Şüküriň ýeňňesiniň bolsa: «Ini bolan ini agasyny boşatmagyň ugruna çykmazmy? Şüküriň bileni-biteni - dutaryny süýräp, obama-oba aýlanyp, saz çalyp ýörmeg-ä” diýip, ýüwürjisinden nadyl bolup, özelenip oturmagy Şüküre agyr degýär.

Şükür agasyny boşatmak üçin atly-ýaragly gidip, bir adamy halas etmek üçin, ençe adamyň ölümine sebäp bolunmagyna, ýa-da obanyň bary-ýoguny syryp-süpürip, hana eltip berilmegine garşy bolýar. Özüniň ýeke gidip, sazyň muşdagy hasaplanýan hana saz çalyp berip, agasyny dutar bilen azat etmekçi bolýandygyny aýdýar. Obadaşlary muňa birbada geň galsalar-da, maslahaty jemläp, oňa dutary bilen ýeke özüniň gitmegine rugsat berýärler.

Han bärden baran Şüküriň habaryny uzaklaşdyrman alýar. Onuň agasyny boşatmak üçin saz çalyp bermäge gelendigine haýran galýar. Şüküriň «Men dutar bilen däl-de, ýigitler bilen atly-ýaragly hem gelip bilerdim» diýenine han gatyrganýar. Ýöne Şükür hanyň sazyň muşdagydygyny, ezber sazandadygyny, özem onuň çepbekeýdigini bilýändigini aýdanda welin, hanyň keýpi göterilýär.

Han Şüküriň öňünde şert goýýar. «Meniň bagşym Gulam bagşy bilen ýaryşarsyň. Ýeňseň, agaňy äkidersiň, ýeňilseňem, özüňden gör» diýip, kapasadaky bilbili görkezýär.

Han haýsy sazandanyň zor çalýanyny aýdar ýaly emin saýlamakçy bolanda, Şükür oňa «maňa şu oturan adamlaň aýdany bolýar, han aga» diýip, jogap berýär. Ýaryş başlanýar. Gulam bagşynyň sazy ezber çalyp, ýeser kowşyny görüp, Şükür tolgunýar. Gulam keýik oýnadanda, ýylgyryp, parahatlyk bilen beýle senetden başynyň çykmaýandygyny boýnuna alýar. Han oňa başga şert goýýar. «Oduň daşynda perwaz urýan kebelegiň özüni ataşa urşuny» saz bilen beýan etmegi buýurýar. Şükür dutarynda «gudrat» görkezip, oturan ýerinde täze saz döredýär. Hanyň galasyna ýesir düşen bir naçar: «gyzym ölendir öýdüp, matam tutup ýören enem gara şaly aýryp, şu ak öýmäni atynsyn» diýip, ak öýme hem oguljygynyň köwşüni eltip enesine gowşurmagy Şükür bagşydan haýyş edýär. «Belki, oguljygymyň aýagy watana çekäýedi-dä» diýip, yrym edýändigini aýdýar.

Bäsleşik has-da dartgynlaşýar. Ahyry Gulam ýeňilýär. Han Şüküre agasyny alyp gitmäge ygtyýar berýär. Bäsleşikde ýeňilen Gulam bagşy öz ýanyndaky ýaş oglany özüne şägirtlige almaklygy haýyş edýär.

Agasyny dutaryň güýji bilen halas eden Şükür bagşyny, onuň agasy Berdini, täze şägirdi Mämmedalyny hemmeler gadyr bilen garşylaýarlar. Gyzynyň iberen sowgatlary enesine gowşurylýar. Obada toý başlanýar.

Spektakl Hormatly Prezidentimiziň «Mähriban il-halkym! Goý, size hemişe gözel ýaşaýyş miýesser etsin! Döwletli Diýarda aýdym aýdylyp, saz çalynsyn! Men siziň maşgalaňyza abadançylyk, öýüňize asudalyk, parahatçylyk we hözürli durmuşy arzuw edýärin! Ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, tutuş iliň başynyň amanlygynda bize hemişe rowaçlyk miýesser etsin!» diýen arzuwlary bilen jemlenýär.