Sahna barada maglumat

Şadyýan wäşiler
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Gysgajyk, gülküli wakanyň esasynda ýazylan  sahnalardan, degişme aýdymlardan düzülen  estrada  çykyşlary. Çykyşa gatnaşýanlar aýdym aýdyp, tans edip, saz çalyp bilýän, wäşi (komik) artistler. Gysga, ýöne täsirli sahnalardan  ybarat bolan çykyşlary degişme äheňli ýumor bir bitewi eser hökmünde  saklaýar. Häsiýetli tarapy sazyň, pantomimanyň ýerlikli ulanylyp, äheň hem üm bilen düşünilýän ýumoryň agdyklyk edýänligidir. Artistleriň özleriniň ýiti  kinaýanyň, ýalňyş hereketiň, sözüň, geň hem gülkünç häsiýetiň,  düşünjäniň, çakdanaşa  kütekligiň paş edilmegiň obekti - şol keşpleriň özi bolup çykyş edýändikleri  üçin ýeňil duýulýar. Artistleriň her biriniň eýýäm öz tomaşaçylarynyň arasynda  meşhurlygynyň bolmagy  kinniwanja  sahnalary bir bitewi esere  golaýlaşdyrýar. Keşpleriň  bir häsiýetden beýleki häsiýete, başga ýagdaýa, waka  geçmekleri çalt bolup geçýär. Olar  çykyşyň ahyryna  çenli bir görseň bazarda, aşhanada, çagalaryň arasynda, awtobusda,  uçarda, söýgi duralgasynda we ş.m. Bu zatlaryň hemmesi çykyşlary köp sözlülikden, gereksiz düşündirişlerden halas edip, olaryň  täsirliligini güýçlendirýär. Bu babatda «Şadyýan wäşileriň» çykyşlary döwrebap we olar kämilleşýärler.

Şonuň ýaly artistleriň hatarynda Türkmenistanyň halk artistleri Orazgül Abasowa, Haýtmyrat Durdyýew, artist Aşyr Mämmedow,  Zöhre  Atajanowa  dagylar bilen birlikde Täçmämmet Amangulyýewiň (Çepbe), Gülşat Tahyrowanyň, Atajan Annaberdiýewiň  hem  atlaryny agzamak bolar. Tomaşaçylar bu ýaş we zehinli artistleri  sahna çykanlarynda aýratyn şowhun  bilen  garşylaýarlar.