Sahna barada maglumat

Saňa ýalan, maňa çyn
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry

Bu eser oba  ýaşlarynyň durmuşyndan gürrüň berýän eser. Wakalar Gurban baýramynyň bellenýän  günlerinde bolup geçýär. Obada  ýaşaýan Meýdan aga bilen Gumry ýeňňäniň  öýlerine gurbanlyk günleri gyz agtyklary Selbi  gezmäge  gelýär. Iki garry  agtyklaryny güler ýüz  bilen garşylaýarlar.  Şol gün olara Selbiden başga-da oba adamlary häli–şindi gelip durlar. Olaryň arasynda Şöhrat atly ýaş ýigit oglanam gelýär. Ol aýdym aýdyp beräýjekdim diýip, goly dutarly gelýär.  Ýöne spektaklyň dowamynda  Şöhradyň  Selbini gözläp Meýdan agalara gelendigi belli bolýar. Meýdan aga we Gumry ýeňňe ikisi  agtyklaryny gowy görselerem, durmuşda  «Gyzym eziz, edebi ondanam eziz» diýen ýörelgä eýerýärler. Hasam Meýdan  aga gaharjaň. Keçjal hem özdiýenli. Hojalygynda öz diýeni bolmasa «Molçat» diýip,  bir depen ýerini depip dur. Ol ar-namysy adam ömründe esasy zat hasaplaýar. Öz aýaly Gumrynyň hem agtygyny  şeýle teribiýelemegini isleýär. Emma  Selbi obaly ýigit  Şöhrat bilen halaşýar. Ýöne  Meýdan agalaryň goňşusynyň   öz ogly  Pälwan  üçin  Selbä  söz aýtjak bolmasy, Pälwanyň bolsa  sadalyk  bilen Selbä lak atjak bolşy  hemme zady bulaşdyrýar.  Meýdan aga we onuň aýaly Gumry ikisiniň   öz agtyklary Selbi Pälwan  bilen gaçandyr öýdüp pikir etmekleri bilen ýagdaý  çylşyrymlaşýar. Şol başagaýlygyň  içinde Meýdan aga töweregindäki adamlary täzeden tanaýar. Aýaly  Gumry dutar çalyp aýdym aýdyp otyr, goňşulary diýenini  gögertjek  bolup, bir depen ýerini depip dur, garaz, gurban  baýramyny nähili  geçirenlerinem bilmän galýarlar. Ahyry  hemme zadyň  gülala-güllükdigine göz ýetiren Meýdan aga  bilen Gumry ýeňňe ýaşlygy ýatlap, hiňňildik uçýarlar. Gijä galan ogul-gelinleri gelýär, goňşy ýigit Pälwan  obaly gyzlaryň biri bilen toý edýär, Şöhrat bilen Selbi hem gelýärler, Meýdan aganyň  howsala düşüp, gaharlanyp ýörmegi  ýerliksiz ýaly bolup görünýär. Ýöne  awtoryň ýaşlara-da ene-atalaryň ar-namysy,  utanç-haýany saklamagy ýöne ýere talap etmeýändigi hakda oýlanmagy,  ündeýändigi äşgär görünýär.  Bu eser, megerem, ýönekeýlik bilen  ullakan meseläni orta atýandygy bilen  tomaşaçylaryň göwnünden turýandyr.