Sahna barada maglumat

Talyp söýgüsi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Aman Gunça diýen gyza aşyk bolýar. Ol öz söýgülisi üçin hemme zada taýyn. Emma Gunçany almak üçin, onuň atasy bilen gürleşmeli. Bu bolsa ýeňil iş däl.

Aman gowy okaýar, köpçülik çärelerine gatnaşýar. Düzgün-tertibi gorap, özüni köpe aldyrýar. Ol hat-da düzgün-tertibi bozan bir garagoly tutjak bolup hem ýaralanýar. Amanyň bu mukaddes işi barada gazetde makala ýazylýar. Ol makalany Gunçanyň kakasy hem okaýar we ýaş ýigide guwanýar. Talyp dostlary Amana kömege gelýärler, öz dostlaryny söýýän gyzy Gunça bilen duşurmakçy bolýarlar. Ýalan sözlemegi başarýan gyzyň eden etmişini halamaýan Aman, gyzy ýazgarsada, ony ýüreginden söýýär. Şonuň üçin onuň dostlary Aman üçin gudaçylyga gitmägede özleriniň taýyndygyny duýdurýarlar.

Gunçanyň kakasy Amanyň ejesiniň köne tanşy bolup çykýar. Talyp ýigitler dürli tilsimleriň üsti bilen olary duşurmagy başarýarlar. Ýaşuly nesil biri-biri bilen düşünşýär, Amanyň dostlary muňa diýseň begenýärler.
Eserde dostluk, ýoldaşyňa wepadarlyk, söýgüliňe wepaly bolmak, il-günüňe hyzmat etmek, jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak, hemişe adalatly bolmak, dogruçyl sözlemek wasp edilýär. Bagly zamananyň bagly ýaşlary öz ata-Watanyny söýüp oňa hyzmat etmekligi özlerine mukaddes borç edinýärler. 

Aýdym-sazlar, degişmeler bilen bezelen bu oýun, talyp ýaşlaryň gyzykly durmuşyny aýan edýär.