Sahna barada maglumat

Gel kenara söwer ýar
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Eser dünýä belli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýän wakalary suratlandyrýar. 

Ýaşlar öz söýgülilerine wepalydygyny, kärine ussatdygyny medeniýetli dynç almagy başarýandygyny görkezýärler. Şadyýan aýdym-sazlar, ajaýyp tanslar bilen bezelen bu oýun şeýle hem degişmeleri öz içine alýar. Ozal birek-biregi gowy tanamadyk ýaşlar gözel awazada duşuşýarlar we durmuş gurmaga taýynlyklary görýärler. Spektaklda dürli häsiýetdäki adamlar hereket edýärler. 

Eser Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adamlarynyň işläp bilişi ýaly dynç almagy hem başarýandygyny görkezýär.