Sahna barada maglumat

Söýgi bizi halas eder
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Balykçy Aşyrbaý bilen daýhan Haýdar hazaryň kenarynda goňşy oturýarlar. Olaryň aýallary-da, çagalary-da birek – birege hormat goýýarlar.

Aşyrbaýyň ogly Maksat, Haýdaryň gyzy Mähri bilen gowy görüşýär. Maksat bilen Mähri çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşyp, medeni ösüşe öz goşantlaryny goşýarlar.

Aşyrbaý aga ogluny “Ata kesbi – ogla halal” ýörgüsine eýerip, balykçy edip ýetişdirmekçi bolýar. Emma Maksat kakasynyň balykçy edip ýetişdirmekçi bolýandygyndan habarly hem bolsa, oňa duýdurmazdan sungat ugrundan okuwa ýerleşýär we dirižýor bolup ýetişýär. Maksat okuwy tamamlap obasyna işe gelýär. Gyz bilen oglanyň ýaşlykda başlan söýgüsi täzeden has hem güýjeýär. Aşyrbaý hem, aýaly Tumar hem goňşusynyň gyzyny gelin edinmäge garşy däl. Toýa gyzyň ene-atasy hem garşy bolup duranok. Gyzyň hem oglanyň ene-atalary nähili ýol bilen hem bolsa, oglanyň aýdym-sazdan ýüz öwürmegini deregliräk kär edinmegini isleýärler. Aşyrbaý oglunyň atasynyň kärini dowam etdirmeýänligine gahary gelip, onuň dirižýorlyk taýajygyny ogurlaýar. Aşyrbaý köp oýlanyp, goňşylary bilen maslahatlaşyp, oglunyň dirižýorlyk kärini bary-bir dowam etdirjegine gözi ýetip, onuň söýgüli medeniýetine hyzmat etmekligi oňlaýar.

Eseriň ahyrynda hemme biri-birinden razy bolup, medeni mirasy, sungaty goldamagy dogry tapýarlar. Ahlak temasyndan ýazylan bu komediýa tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar.