Sahna barada maglumat

Japbaklar
Aýazbaba nirde sen

N.Keşikowyň “Japbaklar” atly gurjak oýny

“Japbaklar ” atly gülküli gurjak oýny il  içinde  meşhur  bolan  Japbaklar  hakyndaky  erteki-rowaýatlar  esasynda  döredilendir. Millilige  ýugrulan  bu  oýunda  ir  wagtda  gadymy  türkmen  obasynda  atadan  ýaşlykda  ýetim  galan  dört  sany  doganlaryň  başdan  geçiren  wakalary  barada  söhbet  açylýar. Biri-birine  basdaş, biri-birine  meňzeş  bolan  doganlaryň  ulusynyň  ady  Japbak, beýlekisiniň  ady  Ýapbak, üçünjisiniň  ady  Mapbak, iň  kiçisiniň  ady  bolsa  Topbak. Ýöne  olar  uly  doganynyň  yzyna  düşüp  ýöreni  üçin  il  içinde  Japbaklar  diýlip  atlandyrylýar.

Japbaklar  agzybirligi, dostlugy, erkinligi  eý  görýärler. Özleri  hem  ötgür, ýiti  şorta  sözleri  bilen  tanalýarlar. Olar  her  hili  kynçylykly  ýagdaýda-da  gam-gussa  çümmän  şadyýan  bolmagy, öz  mertebesini  saklamagy  başarýarlar.