Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Gülki agşamy” atly aýdym-sazly çykyşyň dowamynda teatryň wäşi artistleriniň ýerine ýetirmeginde gysga degişme sahnalar görkezilýär. Teatryň ýaş estrada aýdymçylarynyuň, aýdymçy artistleriniň, orkestriň artistleriniň ýerine ýetirmeginde döwrebap aýdym-sazlar ýaňlanýar. Aýdym aýtmak, saz çalmak islegi bar bolan tomaşaçylara-da aýdym, saz ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilýär.