Sahna barada maglumat

Söýgi bizi halas eder
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

Bu  aýdym-sazly, gülküli  sahna oýundaky  wakalar  deňiz  kenaryna  ýakyn  obalaryň  birinde  bolup  geçýär. Ol  ýerde  ýaşaýan  iki  goňşynyň – balykçydyr  daýhanyň  perzentleri  Maksat  bilen  Mähriniň  ýüreginde  söýgi  ody  tutaşýar. Maksat  medeniýet öýüniň  dirižýory, Mähri  höwesjeň  aýdymçy. Ýöne  ýaşlaryň  söýgüsi  hakynda  olaryň  ene-atasynyň  öz  pikiri  bar. Olar  söýgüden  ötri, ýaş  juwanlaryň  balykçydyr, halyçy  ýaly  kesp-käri  edinenlerini  kem  görenoklar. Söýgüni  kesp-kärdir  iş  bilen  ölçejek bolup  durlar. Ýöne  söýgi  kesp-käriňe, işiňe  bagly  däl, ýürege  bagly. Diýmek, söýgüni  halas  etmeli. Şondan  soňky  wakalar  dartgynly  wakalar  eýe  bolup, has-da  ýaýbaňlanyp  gidýär.

Oýunda  aýdym-sazly  kesp-käriň  hem  edil  balykçydyr  daýhançylyk  ýaly  il-güne  gerekligi  açylyp  görkezilýär. Oýnuň  ahyrynda  aýdym-saz  söýgüni, söýgi  hem  aýdym-sazy  halas  edýär.

Aýdym-saza, gülkä  ýugrulan  oýun  ýetginjeklere  we  uly  ýaşly  tomaşaçylara  niýetlenendir.