Sahna barada maglumat

Göroglynyň döreýşi
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry

Türkmen döwlet Medeniýet institunyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan sahnalaşdyrylan “Göroglynyň döreýşi” atly spektaklyň edebi beýany meşhur türkmen eposynyň adybir birinji bölümi esasynda ýazyldy. Awtor eposyň bu babyndaky wakalaryň düýp özenini, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini, hereketlerini asyl durkunda saklamak bilen birlikde, dramaturgiýanyň kada-kanunlaryna eýerip, dartgynly sýužet liniýasyny işläp düzüpdir hem-de özboluşly drama eserini döredipdir.

Eserde hereket edýän  Jygalybegiň, Genjimiň, Röwşeniň (Göroglynyň), Geçiniň, Bars balasynyň we beýlekileriň keşpleri ynandyryjy, wakalar gyzykly, eseriň dili ýeňil hem-de şüweleňli. Iň esasy tarapy-da, watansöýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik mowzuklary bu  eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gadymy türkmen şadessanynyň ajaýyp sahypalary sahna dilinden, täze röwüşde, häzirki zaman ruhunda janlanýar.