Sahna barada maglumat

Syrly synag
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

Orazguly Annaýewiň „Syrly synag“ pýesasy komediýa žanrynda döredildi. Eser Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlarynyň talyp durmuşyna bagyşlanýar.

Ýaşlaryň durmuşynda söýgi, päk duýgular aýratyn orun alýar. Bu eserde hem Ajap bilen Jepbaryň arasyndaky söýgi baglanşygy barada söhbet açylýar. Durmuşda garaşylmaýan wakalaram bolýar. Hut şonuň üçinem durmuş gyzykly. Iki ýaş juwanyň arasyndaky bagtly pursatlarda hem garaşylmadyk päsgelçilik ýüze çykýar.

Kynçylyklaryň, päsgelçilikleriň ýüze çykmagy bolup biljek ýagdaý. Esasy mesele şol kynçylygy ýeňip geçmegi başarmak. Biziň döwürdeşlerimiz bolan ýaşlar bolsa, öz söýgülerini goramak, öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin dogry ýoly tapýan hem-de maksatlaryna ýetip bilýän ýigitler we gyzlar. Ajabyň hem onuň ýoldaşlarynyň ýüze çykan ýagdaýdan çykalga tapyşlary tomaşaçyny gyzyklandyryp, güldürip, begendirip biljek wakalar.

Ajabyň, Şekeriň, Jümminiň, Altynyň keşplerinde biz bagtly ýaşlaryň kalby päkligini, ýokary terbiýesini, saýlap alan hünärlerine gatnaşyklaryny, dostluga sarpasyny görýäris. Bagtly durmuşda degişmek, gülüşmek, kyn ýagdaýdanam gülüp-oýnap çykalga tapmak  biziň gahrymanlarymyza mahsus. Dörediji ýaşlar bolansoňlar, olaryň sahna getirýän çözgütleri hem, oýun içindäki oýunlary hem gaýtalanmasyz, täzelik hökmünde kabul edilip bilinjek hadysa.

Ýetmiş ýaşly Dädebaý aganyň keşbinde juwan ruhuň barlygy, kalbynyň mydama ýylgyryp durandygy, gülüşip-degişmäge hemişe taýýardygy görünýär. Ol biziň bagtly döwrümiziň alamaty.

Dönmez enäniň keşbinde sadalyk, maşgala bagtyny goramaga ymtylyş  alamatlary bar. Ýöne ol mähriban agtygynyň çyn söýgüsine, hak söýgini goramak üçin onuň talyp ýoldaşlarynyň guran tomaşasyna düşünip biljek derejede akylly. Netijede ol Ajabyň päk söýgüsiniň hakykatdygyna göz ýetirip, hakykaty kabul edip bilýän mert zenan hökmünde biziň gözümiziň öňünde ör boýuna galýar.

Soltanbibibiniň keşbine eserde uly orun berilmedik ýaly hem bolsa, ol tomaşaçy tarapyndan düşüniljek, oýlanyljak obraz. Bir sözüň, bir sözlemiň üsti bilen ol durmuşyň çylşyrymlydygy, ynsan ykbalynyň biri-birine maňzemeýänligini beýan edip, görkezilmedik, aýdylmadyk zatlar barada pikir ýöretmäge tomaşaçynyň özüni iterýär.

„Syrly synag“ döwür hem döwürdeşlerimiz barada döredilen eser. Tomaşaçylarymyzyň şagalaňly dynç almaklary, gülmekleri üçin bu eser bolup biläýjek şeýle wakany sahna çykarmagy maksat edinýär.