Pýesanyň awtory Georgiý Stepanskiý.
Oýny goýan režissýor Ç. Mommadow (2009).
Bu komediýada bolýan wakalar orän ýönekeý bolup, islendik adamyň durmuşynda bolaýjak zatlar. Her bir şowly komediýada bolşy ýaly baş gahrymanlaryň durmuşyndaky gapma – garşylyklar başga bir adamlaryň ýüz urýan aldawy, hilesi zerarly ýüze çykýar. Petýa bilen Nastýa söýüşýärler. Olaryň aralarynda dartgynly ýagdaýyň ýüze çykmagyna häsiýetlerindäki çaprazlyk sebäp bolýar. Nastýa ynanjan, sada, olaryň ejesiikisi köneçil, pala – gyrra hem ynanyp otyrlar. Petýa bolsa pala-da, palçylara-da ynanmaýar. Şonuň üçinem pal atyp berip, aldap – ogşan Marusýa bilen gyzy Nastýany aldap ýören. Palçy aýal olaryň eýlesine – beýlesine geçip pullaryny alanda, Petýa palçynyň özündenem ökderäk hile ulanyp, eneli – gyzyň gözlerini açýar. Palçyny bolsa polisiýa bilen ýüzleşmeli edýär. Pýesa gyzykly, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.