Türkmen halkynyň söýgüli dessanlarynyň biriniň esasynda döredilen bu opera adalatlylygy, söýgä wepadarlygy wasp edýär.
Zöhräniň atasy gyzyny öz weziriniň oglyna bermäge äht eden hem bolsa, atasy ölenden soň ony Tahyra bermekden ýüz öwürýär. Tahyr ençe wagt suwda akyp, Bagdat şäheriniň patyşasynyň gyzy Mahym tarapyndan halas bolýar. Mahym Tahyry söýse-de, “Öz Zöhräňe ýet” diýip, ony ýurduna ugradýar.
Möýsepit serdaryň kömegi bilen Tahyr öz ýurduna barsa-da, Zöhrä ýetip bilmeýär. Ol awy içip, heläk bolýar. Tahyram öz söýgüsiniň pidasy bolýar.