Waka biziň günlerimizde bolup geçýär. Nury atly oglanyň toýy tutuljak bolup durka durmuşy düýpgöter üýtgeýär. Ýigidiň ykbaly dürli kynçylyklara sezewar bolýar. Ol awto heläkçilige uçrap, ýaş talyp gyz Altyna aşyk bolýar. Nury ozal Suraý atly gyz bilen gatnaşyk eden hem bolsa, oňa öýlenmek hakynda pikirlensede, onuň häsiýetine belet bolandan soň, Suraýdan ýüz öwürýär. Mylakatly Altyn onuň ýüregini awlaýar. Bu işde Altynyň ejesi Dürli Suraýyň kakasy Meret, ejesi Doýduk, Merediň aýal doganlary Enebaýdyr Bibi hem uly rol oýnaýarlar.
Netijede Nury Altyna öýlenýär we öz bagtlaryny tapýarlar. Dürliniň ejesi Altyn bar bolan zada düşünip, öz gyzyny ýüreginden goldaýar.
Suraýyň kakasy Merediň aýal doganlary Enebaý bilen Bibi Nuryny näçe yrjak bolsalarda, ol Suraýa öýlenmekden ýüz öwürýär. Doganlar şepagat uýasynyň üsti bilen, her hili pyrryldyga baş goşýarlar. Emma, aldaw ýoly uzaga gitmeýär, uýalaryň syry paş bolýar. Ak ýürekli Altyn, päk wyždanly Nuryny ýürekden halaýar. Spektaklyň ahyrynda özüni ýetim saýan Altynyň bagty açylyp, ýetim däldigi ýüze çykýar.
Bu liriki drama eserinde şu günki ýaşlaryň biri-birine duşmagyna oýlanşykly baş alyp çykmagy, ýaşlary dogry ýola ugradyp sagdyn pikirlenmegi ündeýär. Eseriň terbiýeçilik we syýasy ähmiýeti uludyr.