“Söýgi hem hasrat” atly taryhy tragediýa Arap şahyry Kaýys ibn al Mulowwanyň ömür ýolunyň, onuň goşgularynyň we Leýli bilen Mežnunyň pagyjaly söýgüsi hakdaky halk rowaýatlarynyň esasynda ýazylan eserdir.
Leýli bilen Mežnunyň päk söýgüsi baradaky rowaýatlar dünýäniň köp halklaryna mälimdir. Ady agzalýan tragediýada iki juwanyň wepadarlygy, birek-biregi ýürekden söýüşi barada söhbet açylýar. Iki taýpanyň agzalalygy, birek-birege duşmançylykly garaýşy, iki juwanyň mukaddes söýgüsine böwet bolýar. Mežnunyň atasy Beni Emir bilen Leýliniň kakasy Ibn Seýit goňşy ýaşaýarlar. Olaryň hersi bir taýpa baştutanlyk edýär.
Başda öz çagalarynyň dostlugyna guwanan ene-atalaryň arasyna tow düşüp, olar tersleşýärler.
Öňden gelýän tire-taýpa dawasy, olaryň agzalaçylygyny isleýän niýeti-kazalaryň betpygyllary zerarly iki ýaş juwan biri-birinden aýra düşýärler.
Öz söýgüli ýaryndan juda düşen Mežnun öýlerini terk etmäge mejbur bolýar. Leýlä Mežnundan ýüz öwürmegi teklip edýärler we Leýlini onuň söýmeýän ýigidine bermekçi bolýarlar. Mežnun çöle urup gidýär. Ol däli-diwana bolup, diňe Leýlä bolan söýgüsiniň howry bilen ýaşaýar.
Leýli Mežnunyň dosty Zeýidiň üsti bilen bu habary öz söýgülisine ýetirýär. Başga bir taýpanyň baştutany Nowful, öz goşunlaryny Mežnunlaryň duşmany bolan taýpasynyň garşysyna aýaga galdyrýar. Ol Mežnuna özüniň aşyk ýigide kömek etmäge taýyndygyny aýdýar. Mežnun gan döküşlige garşy, ýöne bu ýagdaýdan başa-baş çykalga tapmaýar.
Oýnyň ahyrynda Leýlidir Mežnun ölýär. Olaryň ölümi wagşylyga, adalatsyzlyga, gahar-gazaba garşy goýulan aýdym bolup ýaňlanýar.