Sahna barada maglumat

Söýgi rowaýaty
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Spektakl gündogar halklarynyň söýgüli eseri bolan “Müň bir gijäniň” esasynda ýazyldy. Ol garyp ýigit, Alladiniň kyn ýagdaýlardan baş alyp çykyşy barada gürrüň berýär. Eserde Alladin batyrlygy, ugur tapyjylygy bilen ýurduň patyşasynyň gyzy Buduryň söýgüsini gazanmagy başarýar. Emma patyşanyň Baş weziri Patyşanyň baýlygyna göz gyzdyryp, onuň ornuna geçmekligi höwes edýär. Şonuň üçin ol Budura özi öýlenmekçi. Patyşanyň ynamyna girip, ony Alladina garşy edýär. Aşyk ýigit tussag edilýär. Oňa özüniň dosty, bir wagtlar halas edilen Jyn kömege gelýär. Ol Alladina jadyly çyrany sowgat berýär. Garyp ýigit Alladin şol jadyly çyranyň kömegi bilen köp işleri amala aşyrýar. Ýamanlygy paş edip ýagşylygy wasp edýär. Durmuşda ynsanperwer bolmaklyk, ejizlere kömek etmek Alladiniň baş maksady bolup galýar. Jyn dürli ýollar bilen Baş weziri paş edip, Alladini öz arzuwyna ýetirýär. 

Bu eser ýaşlara dostluga wepadarlygy, durmuşda erjelligi ündeýär.

Eserde dürli häsiýetdäki adamlar görkezilýär. Adamlaryň edýän hereketleriniň üsti bilen ýagşy-ýaman temasy açylýar. Ahyrda hakykat hemme zatdan üstün çykýar.