Waka obada bolup geçýär. Dürli sebäplere görä öýlenmän ýören üç ýigit, üç gyza aşyk bolýar. Olary biri-birine ýetirmekde orta düşen, başarjaň dilewar sawçy aýal uly rol oýnaýar. Olary biri-birleri bilen tapyşdyrýar.
Ýaş başlyk Akmyrat sylanýan ýaşuly, başga bir obanyň başlygy Perman Pereňliniň gyzyna aşyk bolýar. Emma onuň kakasyny sylany üçin, açyk hereket edip bilmeýär. Uzagyndan hemme zat düzelýär. Akmyrat öz söýgülisi Bibä gowuşýar.
Üç ýigit Pürli, Nury, Garly öz saýlan üç zenanyna Ajap, Sadap, Döndi dagy bilen duşuşmaklygyň ýoluny gözleýärler. Olara bu işde sawçy Ýamanja daýza kömek berýär.
Gülküli, liriki sahnalaryň üsti bilen awtor şu günüň sallahlarynyň tarypyny ýetirýär. Eserde aýdymlar hem ýaňlanýar. Sawçy aýalyň kömegi bilen ençeme wagt sallah gezip ýören ýigitler başyboş zenanlary dullaryna geçirýärler. Bagtly durmuş dowam edýär.