Sahna barada maglumat

Magtymguly
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Hywa. Säher wagty. Azan aýdylýar. Çowdur bilen Gyşyk Magtymguly barada söhbet edýärler. Çowdur şahyry öwse, Gyşyk ony ýoldan çykan hasap edýär. Çowdur Gyşygy düzetjek, dogry ýola saljak bolup, “Magtymguly ýetimleriň, dertlileriň dermany, ol dostdyr dostluk edeni“ diýýär. Talyplaryň käbiri hem Çowdury goldaýar. Gyşyk weli, şahyra pitjiň atmak isleýär.

Ahun gelýär. Sapak başlanýar. Ýeriň – gögüň döreýşinden söhbet açylýar. Magtymguly Ahunyna başgada düşünjeleriň bardygyny aýdýar. Öz halypasynyň garşysyna gaýtmaga ejap edýär. Ol uly alada galyp, ahyram öz okan Şirgazy medressesi bilen hoşlaşyp, Watana tarap ýola düşýär.

Hywa hanynyň köşgi. Han mes bolup keýp çekip otyr. Ahun gelýär. Onuň ýanynda Magtymguly bolman soň, han Ahundan şahyry soraýar. Ahun Magtymgulynyň medresseden gidendigini aýdýar. Han buýruk berýär. “Atlanyň-da ýetiň onuň yzyndan, ol köşk şahyry bolmaly“ diýýär.

Etrek. Magtymgulynyň gelenine begenen halk şatlanýar. Magtymgulynyň alan ylymyny, pähim-paýhasyny barlap görýärler we oňa guwanýarlar. Emma ýol söküp gelen Ahun şahyry ýene-de yzyna, Hywa alyp gitmekçi bolýar. Magtymguly ony islänok. Ahunyna mert durup jogap gaýtarýar. “Maňa dogma ýurdum Watan ýaraşar. Bu dünýäde meniň geregim Watan, nerse ýok eneden, Watandan uly“ diýip Hywa gitmekden boýun towlaýar.

Çapar gelip, duşmanyň üstlerine çozjak bolýanlaryny habar berýär. Magtymguly Çowdur bilen adamlary aýaga galdyrmaga, Watan goragyna çagyrmaga gidýär. Ol birnäçe wagtdan soň hoş habar bilen dolanyp gelýär. Türkmen tireleriniň agzynyň birleşendigini, Teke, Ýomyt, Gökleň, Ýazyr, Aliliniň bir döwlete gulluk etse, ýeňmejek ýagysynyň bolmajakdygyny beýan edýär. Hemmeler bu habara begenýärler we Watany gorajakdyklaryny aýan edýärler. Olaryň aýdymy sena bolup belent ýaňlanýar.

1. Sazy – Ýuliý Meýtus
2. Librettosy – Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew bilen Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýew
3. Halypa - Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa
4. Edebi geňeşçiler – Türkmenistanyň halk ýazylary Atamyrat Atabaýew,
     Täçmämmet Jürdekow
5. Dirižýor hem hormeýster – Türkmenistanyň sungatda at gazana işgäri
         Gurban Babaýew
6. Režissýory – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow
7. Suratkeş – Mekan Annamyradow
6. Baş hormeýster – Hoja Çaryýew
7. Baletmeýster –Türkmenistanyň at gazanan artisti Lýalýa Altyýewa
8. Konsertmeýsterler – Ramina Gadimi, Jennet Hudaýgulyýewa, Anastassiýa Çapligina