Sahna barada maglumat

Körpe gelin
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Ýaşy bir çene ýeten Karima körpe ogly Bagtyýary öýermekligiň kül-küline düşýär. Ýöne ol indi öňki gelinleri ýaly hatly-sowatly, ýokary bilimli gelin edinmekçi däl. Sebäbi lukman gelinem, mugallym gelinem oňa mellege seredişmäge kömek edenok. Adamsy Walijandan hem, ogullary Alijandyr Bahadurdan hem oňa peýda ýok. Olar bagdaky ýekeje töňňäni hem köwläp bilenoklar. Şonuň üçin hem ol aspiratn ogly Bagtyýara öý-işleriniň hötdesinden gelip biljek, zähmet-de bişişen oba gyzyny alyp bermekçi. 

Ejesiniň “haý-waýyna” çydamadyk Bagtyýar onuň saýlan gyzy Mähribana öýlenmäge razy bolýar. Ýöne daýhan gyzyň “gödekligi”, özüni alyp baryşy, “medeniýetsizligi” ýaş aspiranta ýaramaýar. Ol gelni bilen aýrylşmakçy bolýar. Bu bolsa, ahyry arzuwyna ýaňy ýeten Karima ýaramaýar, ony kejikdirýär. 

Karima körpe gelini terbiýelemegiň, girim-çykym öwretmegiň ugruna çykýar. Daýhan gyz Mähriban tizden bar zady öwrenip, Batyýara ýarap başlaýar. Düýbünden täze hereketlere beslenen, ýaryny ýürekden söýýän Mähriban, Bagtyýaryň söýgüsini gazanýar. Zähmetde bişişen, edep-ekramly, mylaýym hem sypaýy körpe geliniň aýagy bu ojakda ýer tutýar. Ýaşlar agzybir ýaşap başlaýarlar.