Sahna barada maglumat

Harman Däli
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Rum welaýatyndan Arslan baý diýen adamyň ýekeje gyzy bolýar. “Akylyň, huşuň hemme zadyň harmany bolsun” diýip, oňa Harmandäli diýip at goýýarlar. Ol ulalyp pälwan gyz bolup ýetişýär. Il içinde: “Harmandäli diýen bir gyz han döräpdir, aýdyşan bagşysyndan ýeňilse, göreşen päliwanyndan ýykylsa, täji-tagty, genji-hazynasy bilen şoňa äre barýar. Eger aýdyşan bagşy ýeňilse, göreşen päwany ýykylsa, kellesini alýar” diýip, jar çekdirýär. Emma özüne mynasyp ýar tapmaýar. Obasynda ýaşaýan bir, suhangöý kempir oňa Göroglyny salgy berýär. Harmandäliniň islegi bilen kempir Göroglyň yzyndan baryp Harmandäliniň çakylygyny ýetirýär. Görogly gelip Harmandäliden basylýar. Emma ol ýene dolanyp geljegini aýdyp, öz iline gaýdýar. Esli wagtdan öz şägirtleri Gammar hem Mirem bilen ýene Harmandäliniňkä gelýär. Emma Harmandäli Göroglynyň ýigitleri Gammary, Miremi ýaryşda ýeňýär we gollaryny baglap goýar.

Şondan soň Görogly Aşyk Aýdyň piriň aýagyna ýykylmagy makul bilýär. Emma ol ýerde hem ýerläp bilenok. Ýene Harmandäliň üstüne barýar. Aşyk Aýdyň pir bolsa, aýdyşykda ýeňip, Harmandälini öz şägirdi Kereme alyp berýär. Görogly bolsa ussa Badamyň gyzyny Kösä alyp berýär. Şeýdip aşyklar maksada ýetip, uly toý tutulýar.