Sahna barada maglumat

Bir ojakda iki dünýä
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Sahna oýny biziň günlerimizde uly üstünlikler gazanýan ýaş telekeçi Tahyryň durmuşy barada.

Ýaş gyz Selbi öz synpdaşyna aşyk bolýar. Ýigit hem ony halaman duranok. Ýöne olaryň gatnaşyklary olaryň ýene bir synpdaşy Bikäniň goşulmagy bilen, ýigidiň Bikäni ýürekden söýmegi, oňa öýlenmegi bilen kesilýär.

Selbiniň ogly Tahyr, Bikäniň gyzy Maýsany söýýär. Ýaşlar durmuş toýyny tutýarlar. Emma köneden galan kinesi, Selbä öz gelni Maýsa ýigrenç döredýär. Ol otursa-tursa Maýsadan kemçilik gözleýär. Ony öz öýünde ýerlemeýär. Gaýyn-gelniň erbet gatnaşygy maşgalanyň durmuşyny bulaýar. Maýsa atasy öýüne gitmäne mejbur bolýar.

Maýsanyň oglunyň bolmagy bilen Tahyryň oňa bolan söýgüsi gaýtadan möwç urýar. Tahyr gelnini ýene öýlerine alyp gaýdýar. Ejesi Selbi bolsa, öz ýalňyşyna düşünýär. Şeýdip şol bir ojakda ikinji ykbal, ikinji dünýä öz ýerini tapýar. Durmuş dowam edýär.