Ýetişen baý ýigit Askeriň daýzasy oňa öýlenenok diýip, igenýär. Asker bolsa, aljak gyzyny görman, gürleşmän, halaşman öýlenmekçi däl. Ol dosty Süleýmanyň maslahaty bilen, söwda-satyk edýän kişi bolup, il gezmäge başlaýar. Bu işde oňa hyzmatkäri Weli ýoldaş bolýar. Olar öýme-öý aýlanyp başlaýarlar. Bir gün hem Asker Soltanbegiň gyzy Gülçöhrä duşýar. Ýaşlar birek-biregi halaýarlar. Gyzyň kakasy Soltanbeg,
Gülçöhräniň gapy syryp ýören Askere durmuşa çykmagyna garşy bolýar. Emma ol Askeriň daýzasyny görüp, oňa köňül berýär. Iki sallah bolup bile durmuş gurmagy dogry tapýar.
Askeriň dosty Süleýman öz wepadar ýoldaşy üçin gyzyna söz aýtmaga Soltanbeglere gelýär. Ol ýerde Asiýany görüp, oňa göwün berýär.
Asker dostlarynyň kömegi bilen Gülçöhräni ogurlaýar. Söýmeýän ýigidine durmuşa çykmaga garşy bolan Gülçöhre özüne kast etmekçi bolýar. Gyz oňa öýlenjek bolýanynyň şol bir görende aşyk bolan ýigididigini bilip, hoş bolýar.
Eseriň ahyrynda Asker Gülçöhrä, Süleýman bir bakyşda söýen gyzy Asiýa, Askeriň hysmatkäri Weli, Soltanbegleriň hyzmatkäri Tellä, Soltanbegiň özi bolsa, Askeriň daýzasy Jahana öýlenmekçi bolýar. Hemmeler maksat-myradyna ýetýärler.
Awtory – Uzeir Gajybekow.