Sahna barada maglumat

Ak alaňlaryň aýdymy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň gahrymanlary barada gürrüň berýän bu eseri ýaş awtor Öwez Galandarow ýazypdyr. Galkynyş eýýamynyň edermen nebitçileri öz päk zähmetleri bilen Watanyň kuwwatyna goşant goşýarlar, ýer göwsünden “Gara altyn” çykaryp, halkyna hyzmat edýärler.

Ýaş oglanlar öz halypalaryndan tälim alyp, kynçylyklaryň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Bäşim, Merdan, Gadam ýaly jepakeş işçiler ýaňy işe gelen Çekere ýol görkezýärler. Çekerem öz gezeginde hiç bir kynçylykdan çekinmän, janyny orta goýup, öz işdeş ýoldaşy Gadamy howpdan goraýar. Onuň bu hereketi işdeş ýoldaşlarynyň öňünde onuň abraýyny artdyrýar.

Ýaş nebitçiler Watan bähbidini hemme zatdan ýokary goýýarlar, şol bir wagtyň özünde-de öz şahsy meselelerini çözýärler. Söýgi atly mukaddeslige uçrap, öz deňini-taýyny tapýarlar. Çeker Meňlini söýse, Bäşim Käkiligi halaýar. Gadam bolsa, Arzygül diýip urunýar, Arzygül hem Gadamy halaýar. Gadam toý tutaly diýip gyzy gününe goýanok. Arzygül oýlanýar.

Dymyp gezip, çekmelimi azary?
Oňa ýetermikä gyzyň karary?
Uzak geziberseň, çykarman sesiň,
Elden aldyrmazmyň ol söwer ýary?!

Ýaşlar höwes bilen işleýişleri ýaly, öz bagty ugrunda hem göreşýärler. Zähmet öz netijesini berýär, gara altyn çogup çykýar. Ýaşlar hem arzuwlaryna ýetip, toý tutmaga taýýarlanýarlar. Ak alaňlaryň arasynda joşgunly zähmet çekýän nebitçiler, täze ýeňişlere tarap gadam urýarlar.