Sahna barada maglumat

Ahmediň gaýduwsyz horazy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Garyp ýigit Ahmediň örän akylly horazy bar. Ol daň bilen owaz edip daňyň atandygyny, turmaly wagtyň bolandygyny hemmelere habar berýär. Bu köpleriň göwnünden turmaýar. Esasan hem, Ahmediň enesi horazyň bu gylygyny halamaýar. Şonuň üçin hem ol horazy öldürdip palawa atmakçy bolýar. Horaz Ahmetden özüni bazarda satmagyny soraýar.

Baý we onuň ogly Baýmyrat Ahmediň horazyna gözi gidip, ony her hili ýol bilen aljak bolýarlar. Baýmyrat Ahmedi horazlaryny uruşdyrmaklyga çagyrýar. Ahmet näçe boýun towlasa-da ahyry gaýduwsyz horazyny Baýmyradyň Altynsöw horazy bilen çaknyşdyrmaga çykarmaly bolýar. Ahmediň gaýduwsyz horazy Baýmyradyň Altynsöw horazyndan üstün çykýar. Ol jadyly hereketleriň üsti bilen Baýy hem onuň ogly Baýmyrady masgara edýär. Gaýduwsyz horaz Baýyň garşysyna dürli oýunlary gurnaýar.

Ol öz hereketi bilen Baýyň we onuň oglynyň üstünden gülýär. Baý muňa gahar edip, Ahmedi zyndana okladýar. Gaýduwsyz horaz öz dostlarynyň kömegi bilen, Ahmedi beladan gutarýar we Baýyň garşysyna göreşe çykýar. Baý nalaç hemme zada razy bolmaly bolýar.

Horazyň edermenligine göz ýetiren Ahmediň enesi, Horaza minnetdarlyk bildirýär. Ahmediň şadyýan durmuşy, gaýduwsyz horaz bilen dostlugy dowam edýär.