G.Daňatarowyň “Gurjakgyz” atly gurjak oýny.
Bu spektaklda teatrda bolup geçýän waka suratlandyrylýar. Onda Gurjakgyz atly baş gahryman özüniň içki we daşky sypaty bilen köpleri özüne bendi edýär. Bu häsiýet baş gahryman Gurjakgyza bolan gatnaşyklarda ýüze çykýar. Daş-töweregindäki bolup geçýän wakalar Gurjakgyza beýle täsir etmeýär. Çünki ol teatryň gurjak ussasy Nepesi has gowy görýär. Netijede, bu iki ýaş juwan öz arzuwlaryna ýetýärler.
Sungat, söýgi, durmuş hakynda söhbet açýan oýun ulular üçin niýetlenendir.