Erteki mähirli lukman Aýbolit barada. Ol haýwanlary bejerýär, her hili külpetlerden gutaryp, rehimsiz garakçy Barmaleýdenem halas edýär. A.Usaçewyň K.Çukowskiniň ertekisi esasynda ýazan bu spektaklynda garakçy Barmaleý hem toba gelip, düzelýär. Ol lukman bolup, haýwanlary bejerip başlaýar.
Spektakl haýwanlary söýmek, ejize ganym bolmazlyk barada.