Sahna barada maglumat

Synag
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Ö.Öwezowyň eseri esasynda B. Kubikowyň sahnalaşdyran “Synag” atly oýny komediýa žanyryndadyr. Waka bir maşgalada bolup geçýär. Öý eýesi Gurt maşgalada aýal-gyzlaryň tutýan ornuna uly bir ähmiýet berenok. Şu sebäpli hem onuň aýaly Akgyz we gyzy Garagyz Gurda we ogly Taýhara sapak bolar ýaly iş etmegi ýüregine düwýärler. Akgyz 8-nji mart aýal-gyzlar baýramy güni maşgalada aýal-gyzlar bilen erkekleriň ýerini çalyşmagy teklip edýär. Tekepbir Gurt teklibi kabul edýär. Şeýlelikde ol bu işiň hötdesinden gelip bilmän gaty kyn güne galýar. Ol maşgalada aýal-gyzlaryň ornunyň gaty ulydygyna göz ýetirýär we aýalydyr gyzyndan ötünç soraýar.

 

     KEŞPLERI   DÖREDÝÄN ARTISTLER

  1. Gurt - Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýryýew Hudaýberdi
  2. Akgyz - Türkmenistanyň at gazanan artisti Toýlyýewa Altyn
  3. Taýhar - Hallyýew Bekmyrat, Mädalyýew Döwran
  4. Garagyz - Gapurowa  Leýla
  5. Nätanyş - Hojanepesow  Pirnepes, Şyhyýew  Halmyrat

 

Oýny goýan režissýor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri

   Kubikow Bazarbaý