Sahna barada maglumat

Sahawat derýasy
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

“Sahawat derýasy” atly sahna oýnunda waka biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bolup geçýär. Çagalykdan dost bolup ulalan üç dost Gaýgysyz, Mäter, Semender okuwlaryny tamamlap, häzirki döwrüň beýik gurluşyklarynyň biri bolan “Türkmen kölüniň” etegindäki Şyrlaňgyr düzlüginde açylan daýhan birleşigine işe gitmekçi bolýarlar. Ene-atalary olaryň okuwyny dowam etmeklerini isleýärler. Emma çagalykdan şol düzlüge aşyk üç ýigit öz diýenlerini edip, Şyrlaňgyra gidýärler. Duş gelen kynçylyklara garamazdan olar özleriniň halal zähmeti, erjelligi bilen zähmetden abraý tapmaklygy başarýarlar. Mundan daşary olar Şyrlaňgyra öz halaşýan gyzlary Züleýha, Owadan, Humaý dagylary hem alyp gidýärler.  Öz zähmetsöýerligi, erjelligi bilen ýigitler agzybir maşgala ojaklaryny hem gurmagy başarýarlar.