Sahna barada maglumat

Gürgenç kyssalary
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

“Gürgenç kyssalary” atly sahna oýny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň “Daşoguzyň gadymy topragynda” atly bölüminde getirilýän rowaýatlar esasynda ýazylyp, eser üç bölekden ybarat. Sahna eseriniň birinji bölüminde gadymy Gürgençde ýörgünli bolan Törebeghanym we ussa Gulgerdanyň söýgüsi hakyndaky rowaýat öz beýanyny tapýar.
Ikinji bölümide Gürgençli beýik alym, ussat küştçi, pir hökmünde tanalýan Kubra pir hakynda gürrüň gozgalýar. Mongol basybalyjylarynyň Gürgenç şäherine gelen döwründe Kubra piriň şäher ýaşaýjylaryna baş bolup, duşmana garşy alyp baran göreşleri bu bölümde görkezilýär.
Sahna eseriniň jemleýji bölümi tutuş gündogarda Pilmahmyt ady bilen tanalýan Mahmyt pälwan hakyndadyr. Bu bölümde Mahmyt pälwanyň Hindi ýurduna gidip, ol ýerde göreşde ýeňiji bolup, öz ildeşlerini tussaglykdan halas edişi gyzykly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär.