Sahna barada maglumat

Görogly
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

J.Meredowyň eseri esasynda Jumadurdy Tirkeşowyň sahnalaşdyran  “Görogly” atly sahna oýny  halkymyzyň naýbaşy şadessanlarynyň biri bolan “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň döreýşi”, “Göroglynyň öýlenişi”, “Öwez getiren” şahalary esasynda sahnalaşdyryldy. Şu şahalaryň mazmunyndan belli bolşy ýaly, oýunda Görogly begiň dogluşyndan başlap, onuň özüne söwer ýar saýlaýşy, Öwezi özüne ogullyk saýlaýşy gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Oýnuň esasy aýratynlygy ol aýdym-sazly bolup, olary hakyky dessançy bagşylaryň janly ýerine ýetirilýänligindedir. Oýunda türkmen halkynyň uçar ganaty bolan bedewlerimiziň waspy hem belentden ýaňlanýar. Ata-babalarymyza mahsus bolan mertlik-edermenlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetler oýnuň içinden eriş-argaç bolup geçýär.