Sahna barada maglumat

Bagt mekany
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Öremyrat Öwezowyň „Bagt mekany“ atly eseri esasynda Bekmyrat Hallyýewiň sahnalaşdyran bu drama oýnunda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň  döwletimizde ilkinji açan täze Ruhubelent etrabynyň durmuşy barada söhbet açylyp, etrabyň bagtyýarlyk zamanasynda gülläp ösüşli durmuşy gyzykly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Dürli ugurlardan ýokary bilim alan ýaş hünärmenleriň täze etraba gelip, özleriniň halal zähmetleri, erjellikleri, zähmet söýüjilikleri bilen işde, durmuşda gabat gelýän käbir kynçylyklary ýeňip geçişleri, olaryň täze etrapda arzuwlarynyň hasyl boluşy oýunda aýdyň görkezilýär.