Sahna barada maglumat

Aşyklar kyssasy
DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ NURMUHAMMET ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Ö.Öwezowyň eseri esasynda A.Rahmanowyň sahnalaşdyran “Aşyklar kyssasy”  atly sahna oýny türkmen halkynyň naýbaşy dessanlarynyň biri bolan “Şasenem-Garyp” atly dessany esasynda ýazylan. Oýunda ýedi  aşyklaryň biri hasaplanýan Şasenem bilen Garybyň beýik söýgüsi gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Olaryň yşk ýolunda duş gelýän kynçylyklary ylahy söýgi bilen ýeňip geçip,  wysala gowuşmaklary asyrlara nusgalyk bolup galýar. Eserde aýdym-sazyň piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň pir aýdyjy-ozan, dessançy hökmünde wakalaryň içinde hereket edýär.