Bu eser meşhur türkmen halk ertekisi esasynda ýazylan. Eseriň beýanynda gartaşan ýaşly bir ene-ata perzentleriniň bolmandygy üçin gynanýarlar. Biribardan dileg edýärler. Ýarty gulak ýalyjak bolsa-da perzent bermegini soraýarlar. Biribar olaryň dileglerini eşidip, ýarty gulak ýaly perzent eçilýär. Şol sebäpden ol oglanjyga Ýartygulak diýip at goýýarlar. Ol oglanjyk ýarty gulak ýalyjak bolsa-da ene-atasy ony derek boýly ýigit ogly hökmünde söýýärler. Ýartygulak hem ene-atasyna hakyky ogul bolup olara kän kömek edýär. Ol ene-ata gurplanýar. Öňkülerinden has hem bagtly ýaşamaga başlaýarlar.