Bu eseriň düýp özeni parslaryň hökümdary Dariý II döwründe bolup geçen waka, taryhy maglumatlara esaslanýan “Syrak” atly rowaýatdyr. Türkmenlere par diýilen zamanynda Syrak atly bir padyman, ýagny çopan ýigit bolýar. Türkmenleriň bir ýigidiniň müň duşmana gaýtawul berip bilýändigi hakyndaky gürrüňleri puja çykarmak isläp ýygyn dartyp gelýän parslaryň şasy çölde Syrak çopana duşýar. Şa ondan türkmenleriň nirede mesgen tutandygyny görkezmegi buýurýar. Syrak olary Garagumyň orruk ortarasyna aldap alyp gidýär we öz janyny orta goýup, tutuş goşuny suwsyzlyk bilen gyrýar. Bu eserde türkmen mertligi, merdanalygy aýdyň beýan edilýär.