Sahna barada maglumat

Söz aýdyş
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu sahna eseri dünýä teatr sungatynyň nusgawy eserleriniň biridir. Anton Çehowyň wodewilleri esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny iki bölümden ybaratdyr. Birinji bölümi “Söz aýdyş” we ikinji bölümi “Aýy”. Durmuşyň ýönekeýje ýagdaýlaryndan döreýän eseriň gyzykly wakalary gülküli žanrynda beýan edilýän bolsa-da onuň içinde çuň manyly düşünjeler bar. Biribar tarapyndan ynsana berlen söýgi duýgusynyň hiç bir kada, hiç bir ýagdaýa seretmän ykbalyň islän wagty ynsan ýüregine rugsatsyz girýändigine sahna oýnunda göz ýetirip bolýar. Eseriň temasy hiç bir döwürde-de könelmändir. Şonuň üçinem bu eser nusgawy sahna eseri hasaplanýar.