Sahna barada maglumat

Söýmedige süýkenme
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu sahna oýnunda sada oba oglany, traktorçy Myllygyň päk söýgüsi beýan edilýär. Onuň söýýän gyzyna şäherde okap bilim alyp ýören Ata atly talyp oglanam dalaşgär. Emma gyzyň ýüregi Myllygy halaýar. Bu eserde söýgi üçin göreş, çyn duýgular üçin ymtylyş aýdyň janlanýar. Iki sany söýen ýüregiň arasyna düşjek bolup kän synanyşanlaram tapylýar. Emma päk söýgi, çyn duýgy elmydama ýeňiji bolýar. Söýgi gözelligiňe-de, baýlygyňa-da, bilim derejäňe-de bakýan duýgy däldigine bu sahna oýnunda aýdyň göz ýetirip bolýar. Dogruçyllyk, päk niýetlilik, wepalylyk ahyr soňunda arzuwlaryň amala aşmagyna alyp barýandygyna sahna oýnunda tomaşa edip bolýar.