Sahna barada maglumat

Söýgi bizi halas eder
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň bu sahna oýnunda ynsanýetiň iň uly duýgysy bolan söýgi hakynda söhbet açylýar. Kimde kim “men söýgä duçar bolman” diýýän bolsa-da takdyr öz işini edýär. Ýazgytdan gaçylyp gutulma ýok. Bu sahna oýnunda waka deňziň boýunda bolup geçýär. Ykbalyň täsin öwrümleri, sahna oýnunyň esasy keşbindäkileriň garaşylman durkalar bagtyň gelip gapylaryny kakmagy gyzykly täsin wakalara alyp barýar. Söýgi ynsanyň kalbyny baýlaşdyrýar, gözelleşdirýär, pikirlerini aýdyňlaşdyrýar we ýiteldýär. Kä halatlarda söýgini gözleýänlerem söýginiň ýanynda durandygyny soň duýup galýalar. Bu sahna eseri-de şeýle pikirleriň sahnada janlanmagy bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döredýär.