Sahna barada maglumat

Seýdi
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

“Seýdi” sahna eserinde görnükli türkmen serkerde şahyry Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi, onuň halkyň arasyndaky at-abraýy, öz deň-duşlarynyň (ýaş ýigitleriň) oňa bolan hormaty, onuň öz söýgülisine söýgüsi aýdyň açyp görkezilýär.

Spektaklda türkmeniň milli däp-dessurlarynyň jemgyýetde tutýan orny we ähmiýeti, medeni gymmatlyklaryň, ruhy baýlyklaryň aýawly saklanyp, biziň döwrümizde-de öz ähmiýetini (gymmatyny) saklap gelýänligi ýagny, Soltanýaz begiň toýunyň geňeşi, bedew atyň türkmeniň durmuşynda tutýan orny, onuň üstüniň Süleýmanyň tagty bilen deňeşdirilmegi, türkmen halysynyň gymmatynyň öçmeýändigi, ähli işde halypalardan, ýagny Magtymguly Pyragydan, Görogly beg türkmenden we beýleki görnükli şahsyýetlerden  görelde alynmagy, halkyň öňünde berilen kasamyň mukaddesligi  eseriň içinden erş-argaç bolup geçýär.
“Seýdi” spektaklynda okalýan goşgylar şu günki günlerde hem öz gymmatyny ýitirmän, biziň ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýagny Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramaklyga olary taýýarlamakda esasy orun tutýar.