Sahna barada maglumat

Saňa ýalan, maňa çyn
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bir wagtlar öňki döwürlerde Gurban baýramynda gyz alyp gaçanyň günäsi geçilmeli diýen düşünje bolupdyr. Bu düşünje çyna ýazyp Gurban baýramynda gyz alyp gaçmak däbe öwrülipdir. Emma akyl-düşünjeleriň kämilleşen häzirki döwürde beýle düşünjelere nokat goýlupdyr. Durmuş gurmaga meýil edýän ýaşlar biziň döwrümizde diňe ýürek halanlary bilen söýüp saýlan ýarlary bilen ykbal birikdirýärler. Gurban baýramyna oba agalaryna gelen talyp gyzy agasy alyp gaçarlar öýdüp hemmetaraplaýyn goramaga başlaýar. Aslynda ol gyzy alyp gaçar öýdüp ýören oglany talyp gyzyň halaşyp ýören oglany bolup çykýar. Şeýlelikde çyna ýazylyp ýörülen ýagdaý ýalan bolup çykýar.