Sahna barada maglumat

Romeo we Julýetta
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu sahna eseri söýgi hakynda dünýäniň nusgawy eseri hasaplanýar. Werona şäherinde bolup geçýän bu waka iki sany birek-birege duşmançylykly Montekki we Kopulýetti maşgalalarynyň arasyndaky häli-şindi bolup durýan çaknyşyklaryň birinden başlaýar. Bu iki maşgalanyň duşmançylygynyň haçan başlanany belli däl. Ýöne ykbal bu iki maşgala şeýle bir mümkinçilik berýär welin, olaryň perzentleri Romeo we Julýettanyň arasynda söýgi yşgyny ýakýar. Iki duşmançylykly maşgala üçin bolsa bu ýagdaý ylalaşylyp bolmajak ahwaldy. Olar ykbalyň parahatçylyk peşgeşini depeleýärler, aşyk bilen magşugy aýra salýarlar. Şeýdibem ykbalyň jezasyna sezewar bolýarlar. Bu eseriň žanry tragediýadyr.

 

KEŞPLERI DÖREDÝÄN ARTISTLER:

 

Romeo

artist Perhat Hudaýberenow.

 

Julýetta

artist Jeren Nazarowa.

 

Kapuletti

Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejepow.

 

Hanym Kapuletti

artist Çemengül Şükürowa.

 

Montekki

artist Akmyrat Jumageldiýew.

 

Hanym Montekki

artist Bagsere Röwşenowa.

 

Benbolio

artist Taýly Allaberdyýew.

 

Tibalt

artist Çary Eýeberenow.

 

Merkussio

artist Wepa Sadykow.

 

Eneke

artist Gülbahar Gurbankulyýewa.

 

Knýaz

artist Myrat Hekimow.

 

Lorenso ata

artist Amanmuhammet Akyýew.

 

Paris

Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow.

 

Rozalina

artist Meňlitäç Döwletowa.

 

Köpçülik sahnalarda

teatryň artistleri